Hytaýyň iri döwlet nebitgaz we nebithimiýa korporasiýasy Sinopec Türkmenistanda ahasy 170 million dollardan gowrak bolan işleri amala aşyrdy. Bu 900 müň tonnadan gowrak täze nebitiň çykarylmagyny üpjün etdi. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürler forumynda eden çykyşynda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Sinopec-iň düzümine girýän nebit hyzmatlary boýunça halkara kompaniýasy Türkmenistanda nebitgaz ulgamyndaky esasy hyzmatdaşlaryň biridir.
Ýokary tehnologiýaly çözgütleriň ulanylmagy netijesinde goşmaça nebit çykarylyşy 900 müň tonnadan geçdi, gündelik önümçilik derejesi bolsa 1,5 müň tonnadan hem ýokary boldy.
Şeýle hem ol «Türkmennebit» döwlet konserniniň beýleki hytaý kompaniýalary bilen umumy bahasy 439 million dollardan gowrak bolan ýene 29 sany şertnamany durmuşa geçirýändigi barada aýtdy. Türkmenistan Hytaýdan energetika maşyn gurluşygy üçin häzirki zaman enjamlaryny , geofiziki we nebitgaz tehnikalaryny, turba önümlerini hem-de himiki reagentleri satyn alýar.







