Aşgabatda öz işini tamamlan Türkmen-hytaý işewürler forumynyň çäklerinde Hytaýly myhmanlaryň ünsüni nebitgaz pudagynda özara hyzmatdaşlygyň geljegi çekdi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew öz çykyşynda hytaýly hyzmatdaşlar bilen iş alyp barmagyň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Döwlet konserniniň wekiliniň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde TOPH-niň transmillli gaz geçirijisi çykyş edýär.
«Mysal hökmünde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu ýerde 200-den gowrak ýöriteleşdirilen gurluşyk tehnikasy ulanylýar, olaryň aglaba bölegi bolsa belli hytaý öndürijilerinden satyn alynýar», diýip, Myrat Arçaýew belledi we «Türkmengaz» döwlet konserniniň hytaý kompaniýalaryndan satyn alynýan önümleriň sanawyny giňeltmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary hytaý kompaniýalaryny halkara bäsleşiklere has işjeň gatnaşmaga çagyrdy we türkmen tarapynyň uzak möhletli şertnamalara açykdygyny nygtady.
Çykyşda pudagyň sanly özgerişine aýratyn üns berildi. Türkmenistan gaz çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy innowasion çözgütlerini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Hususan-da, guýularyň onlaýn görnüşde uzak aralykdan gözegçilik ulgamlaryny, önümçiligi dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny, känleri dolandyrmak üçin utgaşykly platformalary döretmek meselelerine üns çekildi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili Hytaýyň sanly çözgütleriniň esasynda synag taslamalarynyna badalga bermäge taýýardygyny we soňra olary ýurduň gaz senagatynyň esasy desgalaryna giňden ornaşdyrmaga niýetlidigini mälim etdi.







