GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary «IT-Zehin: Sanly Synag– 2026» atly hakatonda ýeňiş gazandy
30.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan guralan «IT-Zehin: Sanly Synag– 2026» atly hakatonda birinji orny eýeledi.

Toparlaýyn hasapda bäsleşigiň Baş baýragy Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryna berildi. Ikinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary, üçünji orny bolsa Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary eýeledi.

Hakaton sanly ulgam arkaly test görnüşinde şahsy hasapda şeýle hem geçirildi.

Şahsy hasapda bäsleşigiň Baş baýragyna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Berdimyrat Aşyrmyradow mynasyp boldy. Birinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Begmyrat Rozyýew hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Gadam Muhammedöwezow eýeledi.

Ikinji orny Serdar Öwezmyradow (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti), Kakajan Döwranow (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti), Perman Kakajanow (Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) hem-de Döwran Akmyradow (Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti) eýeledi.

Üçünji orna Muhammet Wepamyradow («Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi), Arslan Baýramow we Arslan Sünnetow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Nurmuhammet Aşyrow (Türkmenistanyň Serhet instituty) hem-de Baýmyrat Aşyrow (Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport instituty) mynasyp boldy.

Hakatonyň ýeňijileri Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglandy.

Hakaton ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, olaryň döredijilik hem-de innowasion mümkinçiliklerini, seljeriş pikirlenmesini ösdürmek, geljekki hünärlerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, şeýle hem özbaşdak we toparlaýyn işlemek endiklerini kemala getirmek, dürli ugurlarda IT-çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen geçirildi.