Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For bilen duşuşugynda aýdyldy.
Milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Durnukly ösüş, parahatçylyk söýüjilik, özara ynanyşmak ýörelgeleri ýurduň daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär. Söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. “Biz geljekde hem ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralary tarapyndan halkara giňişlikde alnyp baryljak işleri utgaşdyrmagy goldarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir mesele boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri For iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tejribe alyşmak hem-de geljekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.







