GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda durnukly islege eýe bolýar
30.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 29-njy aprelde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Daşarky bazarda Gruziýanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 29-njy aprelde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzystanyň telekeçileri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 488 700,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.