GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda geçirilýän türkmen-hytaý forumy energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
29.04.2026

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär.

Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sergide Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy hem şöhlelendirilýär.

Mälim bolşy ýaly, energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de goşant goşýar. Foruma ýangyç-energetika toplumynda iş alyp barýan Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň gatnaşmagy olaryň geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär. Şolaryň birnäçesi elektroenergetikanyň adaty we gaýtadan dikeldilýän ugurlarynda durmuşa geçiren taslamalary bilen diňe bir Hytaýda däl, eýsem, dünýäde iň iri kompaniýalaryň hatarynda tanalýar. Dostlukly döwletiň işewür wekilleriniň birnäçesi gaz we nebithimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça öňdebaryjy çözgütleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar. Birnäçe kompaniýalar ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olaryň möçberlerini anyklamak boýunça tehnologiýalaryň, buraw işi üçin zerur bolan enjamlaryň we tehnikalaryň üpjünçiligi bilen bagly hyzmatlaryny hödürleýärler.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi şol möhüm wakalaryň özboluşly dowamy bolmak bilen, dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Forum we sergi öz işini 30-njy aprelde tamamlar.