«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň zähmetkeşleriniň gatnaşmagynda Türkmenistandaky syýasy ähmiýetli wakalara bagyşlanan maslahat geçirildi. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde geçirilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy şu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Maslahatda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen şunuň ýaly möhüm wakalaryň adamlaryň ruhuny galkyndyrýandygy, Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň hem halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladanyň aýdyň güwäsidigi aýratyn nygtalyp geçildi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna saparyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny tassyklady. Awstriýa Respublikasy bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy uzakmöhletli we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredýär.







