Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 28-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Şeýle hem daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri türkmen işewürleri bilen çig ýüpegi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň telekeçilerinden dokma önümlerini, türk işewürleri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazarda türkmen işewürler Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 406 000,00 manada we 220 355,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.







