Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa, informatika dersleri boýunça olimpiadalar geçirildi.
Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa, informatika dersleri boýunça olimpiadalar iki tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Onuň birinji tapgyryna sanly ulgam arkaly ähli welaýatlara we Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Matematikadan, himiýadan, informatikadan hödürlenen ýumuşlar test görnüşinde orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda uniwersitetde döredilen guramaçylyk topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Bäsleşigiň birinji tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden jemi 695 sany okuwçy gatnaşdy. Şolaryň 189-sy 25-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Olimpiadalaryň ýeňijilerine 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar gowşuryldy.
Olimpiadalar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi. Şeýle hem olimpiadalar döwlet Baştutanymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, ýaşlary ylyma çekmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmeklige, ylym-bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga we bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmaklyga gönükdirilendir.







