GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagy we welaýatlaryň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
28.04.2026

27-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gowaça we bugdaýa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkimlere degişli tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.