Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryny, bedew janköýerlerini we ähli halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny belledi.
«Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär», — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýazdy.
Şunda birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolup, halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň orny aýratyn nygtaldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer.
Gutlagda şeýle hem Türkmenistanda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýändigi barada aýdylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi bolsa atçylygy ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilik berýär. Berkarar Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak, gamyşgulak atlarymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerinde hem öz beýanyny tapandygyny belleýär. Munuň özi atlaryň halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini görkezýär. Çünki ganatly bedewlerimiz keremli topragymyzyň keramatydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygymyzdyr.
«Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn», — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti jemledi.







