25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda uly yz galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi bolan meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
Çykyş edenler Pyýada atly bedewiň gazanan ýeňişleriniň türkmen seýisçilik sungatynyň dünýä derejesinde uly üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar. Pyýada Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar. Şunuň bilen baglylykda, Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda açylan bu ajaýyp heýkel ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, halkymyzyň köpasyrlyk atşynaslyk mekdebine we milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, atçylyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Şeýle hem dabara daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.
Arkadagly Gahryma Serdarymyz toplumyň baş girelgesiniň öňünde bina edilen meşhur Pyýadanyň heýkelini synlady hem-de bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Çykyşlarda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ajaýyp ahalteke bedewleriniň waspy ýetirildi. Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Pyýadanyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu ýerde ýadygärlik surata düşdi. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň baş binasyna tarap ugrady.
Hormatly Prezidentimiz ýolugra Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady. Olarda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň ahalteke bedewleriniň keşbini çeper beýan edýän işleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, at esbaplary, fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär. Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. At heýkelleri pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň şöhlelendirýär.
Sergi bölümlerinde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary ýaňlandy. Şeýle-de bu ýerde ak öýler dikilip, halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän täsin gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda milli lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine degişli eserler bar.
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. Toplumyň baş binasynda
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi.
Soňra halypa atşynas halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» diýen pähiminiň bardygyny, «arkama-arka» diýen düşünjäniň bolsa nesliň dowamat-dowamlygyny, döwletlilik ýolunyň rowaçlygyny aňladýandygyny belläp, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkahan atly bedewi sowgat hökmünde kabul etmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Şeýle hem halypa atşynas halkymyzda «dag» diýmegiň daýanç, direg, gorag ýaly düşünjeleri aňladýandygyny aýdyp, «Gahryman Arkadagymyz, at arkasy gutly mübärek bolsun!» diýip nygtady hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine Daghan atly ahalteke bedewini gowşuryp bermegini haýyş edip, hormatly Prezidentimize ýüzlendi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan hormatly ýaşululara hem-de atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen Daghan atly bedewiň boýnuna Ogulabat enäniň örüp miras goýan alajasyny, Arkahan atly bedewiniň boýnuna bolsa käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Atçylyk däplerini ösdürmäge, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik nusgalyk bedewleri hemmetaraplaýyn ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy.
Olar Gojameýdan, Hankerwen, Meýdanly atly mele, Pespälli diýen gurt mele, Edermen, Pähimli, Kerwen atly dor, Adyl atly gara dor, Mekan atly gara we Merdana atly gyr atlardyr.
Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.
Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde B.Ballyýewiň hojalygyna degişli bolan Meleguş diýen at birinji orna mynasyp boldy.
Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gudratly diýen at ýeňiji boldy. Ýeňijilere ýurdumyzyň pudak edaralarynyň baýraklary gowşuryldy.
Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat, teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanowa «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy R.Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri; Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýewe «Bedewim — göz guwanjym» atly foto işi; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýewe «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar döredijilik işlerinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyrlar. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.
Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak, atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly eseri sowgat berildi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli toý sadakasy berildi.
Şeýlelikde, şu günki dabaralar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň nyşany boldy.







