Türkmenistanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň mejlisler zalynda guralyp, oňa ýerli we daşary ýurtly bilermenler, şol sanda Hytaý Halk Respubllikasynyň, Gruziýanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkiýe Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde ylmyň we tehnologiýanyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem onuň geljekdäki ösüş ugurlary barada çykyşlar edildi.
Energetika we senagat ulgamlary hem maslahatda möhüm temalaryň biri boldy. Türkiýeden gelen bilermenler Abdullah Örs, Nedim Baral, Orhan Gün we Zafer Türkoglu nebit-gaz pudagynda innowasion çemeleşmeleriň orny hem-de çig mallary netijeli peýdalanmagyň täze usullary barada çykyş etdiler.
Maslahatda sanly ykdysadyýet meselesi, saglygy goraýyş, maglumat tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamy boýunça çykyşlar hem giň orun aldy.
Çykyşlaryň jeminde halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ylmy we tehnologik ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle maslahatlar diňe bir ylmy gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerine giň ýol açýar.







