Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gahryman Arkadagymyz Gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uly dabara bilen geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ХVIII halkara ylmy maslahat, at çapyşyklary, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlar, şol sanda uzak aralyga atly ýörişler atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmek bilen, baý milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde ahalteke bedewlerimize dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýändigini belledi.
«Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen bu gün milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, türkmen ojaklarynyň ýaraşygy, tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan bedewlerimiz halkymyzyň uçar ganatyna, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna öwrüldi«, — diýip türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda ýazdy we ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da dabaralanýan ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, gözel Diýarymyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň üstünlikli guralmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp şygary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz esasy ünsi Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine çekdi. Bu milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy.
«Sizi berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanylýan ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!», — diýip Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazdy.







