GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
27.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 427 000 000,00 manada deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.