Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 22-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn aldylar.
Daşarky bazarda Gonkong Ýörite administratiw sebitiň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 22-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nah ýüplügi, birinji hilli bugdaý uny we pagta süýümi ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 77 315 000,00 manada we 2 333 880,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.







