GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadada ýeňiş gazandy
23.04.2026

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Begenç Baýrammyradow kompýuter tehnologiýalary boýunça onlaýn ders bäsleşiginde birinji orun eýeledi.

Onlaýn görnüşde geçirilen olimpiadanyň jemleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde jemlendi.

Şeýle hem birinji orunlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.

Bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Şeýle-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary ilkinji orunlara mynasyp bolanlaryň arasynda ýer aldylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandy.

Umumy netijelere görä, gatnaşyjylar 26 sany baýrakly orny: 5 sany birinji orun, 9 sany ikinji orun we 12 sany üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşik has zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň nazaryýet bilimlerini hem-de amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek, olaryň aň we hünär taýdan ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmek, şeýle hem döwrebap ylmy we amaly IT-meselelerini derňew edip bilýän we ussat çözüp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen geçirildi.