21-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Astananyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde Döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.







