Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümi daşarky bazarda ýerlenildi.
Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda tehniki kükürt kislotasy, nah ýüplügi, pagta süýümi, dokma önümleri, çig ýüpek, buýan köküniň goýy ekstrakty, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy, birinji hilli bugdaý uny, sütükli önümler satyn alyndy.







