GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
20.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine öz garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny bellenen tertipde döretmek hem-de bu kärhananyň Tertipnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.