GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz diplomatiýasy: ugur strategik hyzmatdaşlygy giňeltmeklige tarap
17.04.2026

16-njy aprelde Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny innowasiýa we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda ýangyç-energetika ulgamy esasy ugur hökmünde çykyş edýär. Energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de goşant goşýar.

Ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň çäginde amala aşyrylan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy asyryň iri taslamalarynyň biri hökmünde taryha girdi. Diýarymyzda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi esasynda bu gaz geçirijiniň goşmaça ugurlarynyň gurulmagy bilelikde durmuşa geçirilýän energetika taslamalarynyň geljekde-de durnukly ösüşiň we sebitiň ykdysady durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigini tassyklaýar. Geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan taslamalar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bu maslahatyň taryhy ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň beýanydyr.

Din Sýuesýan Türkmenistanyň Hytaý üçin tebigy gazy ibermekde iň iri we ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy hem-de transmilli gaz geçirijiniň iki ýurduň ykdysady ösüşine goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Şeýle-de ol energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen utgaşdyrylýandygyny aýdyp, hytaý tarapynyň tebigy gazy gazyp almakda we ibermekde döwrebap, az uglerodly tehnologiýalary ulanmak boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Sözüniň ahyrynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň hytaý we türkmen halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan öz çykyşynda bu hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýä energetika bazarynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Ol iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtamak bilen, energetika pudagynda ýola goýlan bilelikdäki hereketleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Çykyşyň dowamynda energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine hem garaldy. Korporasiýanyň ýolbaşçysy bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň Hytaýyň barha artýan energiýa isleglerini kanagatlandyrmakda, sebitiň energetika durnuklylygyny saklamakda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Sözüniň ahyrynda Daý Houlýan iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň syýasy erki we öňdengörüjiligi netijesinde kemala gelen hyzmatdaşlygyň bu nusgasynyň täze taryhy eýýamda has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda 20 ýyllyk bilelikdäki iş tejribesiniň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we täjirçilik bähbidi esasynda hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyny döredendigi bellenildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.