GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Goturdepe käninde nebit çykarmagyň gazlift usuly netijeli ornaşdyrylýar
16.04.2026

Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýerleşýän Goturdepe nebitgaz käninde nebit gazyp almagyň gazlift usuly işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagyna we tebigy baýlyklaryň netijeli ulanylmagyna ýardam edýär. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Ýurdumyzyň iň irki ýataklarynyň biri bolan Goturdepe 1960-njy ýyllardan bäri özleşdirilip gelinýär. Eger öňler nebit esasan fontan usuly bilen çykarylýan bolsa, soňky ýyllarda gazlift usulyny hem öz içine alýan döwrebap tehnologiýalara artykmaçlyk berilýär.

Döwrebaplaşdyrmak işleriniň çäginde kände täze we döwrebap gazgysyjy beket ulanmaga berildi. Munuň netijesinde 400-den gowrak guýy gazlift usulyna geçirildi. Bu usul nebit bilen bilelikde çykýan gazy ulanmaga esaslanýar: gaz arassalanyp we gysylyp guýulara gaýtadan goýberilýär, bu bolsa nebitiň ýokaryk galmagyny üpjün edýär.

Şeýle tehnologiýanyň ulanylmagy guýularyň gije-gündizleýin netijeliligini durnukly artdyrmaga mümkinçilik berýär. Desgalaryň bökdençsiz işlemegini «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepe» nebitgaz çykaryş müdirligi üpjün edýär. Kuwwaty gije-gündizde 12 million kubmetre çenli ýetýän gaz gysyjy beket kadaly tertipde işleýär we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Hünärmenleriň bellemegine görä, ýurduň günbatar sebitinde düzümiň has-da ösdürilmegi we täze guýularyň burawlanmagy Türkmenistanyň energetika kuwwatyny berkitmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döreder.