Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen birnäçe täze Kanunlara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Döwlet Baştutanynymyzyň gol çeken resminamalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda, "Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri girizmek hakynda hem-de "Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmek hakynda Kanunlar bar.
Şeýle hem Türkmenistanda käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda, "Balyk tutmak we suwuň biologiki serişdelerini gorap saklamak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda hem-de "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Kanunlara gol çekildi.
Täze kabul edilen kanunlar dolulygyna metbugatda çap ediler.







