GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygy: üns merkezinde ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk
16.04.2026

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezýän möhüm waka bolup durýandygyny aýtdy.

Din Sýuesýan türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Hytaýda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Milli Liderimize iberen mähirli salamyny ýetirdi. Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary häzirki wagtda özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu gatnaşyklary ilerletmekde hormatly Arkadagymyzyň goşandyny belledi.

Myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň wajyp ähmiýetine ünsi çekip, onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, halkara giňişlikde ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrýarlar. Taraplar dünýä gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini görkezýärler. Halkara düzümleriň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň yzygiderli goldanylmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky berk syýasy ynamy tassyklaýar. Iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda amatly şertleri üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Din Sýuesýan Türkmenistanda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygarynyň Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýylyna gabat gelmeginiň türkmen döwletiniň okgunly ösüşini alamatlandyrýandygyny belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler. Şunuň bilen baglylykda, Din Sýuesýan Türkmenistanda hytaý kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmaklaryna döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.