15-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistsanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilçi Martin Brugy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy möhüm orny eýeleýär.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda öňdebaryjy italýan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, “Eni” italýan kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat Italiýada Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belläp, ilçi hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.







