«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä okuw jaýynyň mugallymlary we talyp ýaşlary hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çärede çykyş edenler soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini aýtdylar. Çykyşlarda özara hyzmatdaşlygyň Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine, ýangyç-energetika pudagyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň dostlukly ýurda ekologik taýdan arassa ýangyjyň durnukly eksportyny üpjün etmek we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem mümkinçilik berýändigini nygtaldy.







