GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylary gutlady
14.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimihameow şu gün Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylan «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylaryna Gutlag ýollady.

Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.

"Bu syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Sergä ýurdumyzyň we dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, birek-biregi alnyp barylýan işler, täze taslamalar bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam berer. Halkara maslahatyň dowamynda geçiriljek iş duşuşyklary, okuw we ylmy-amaly maslahatlar, syýahatçylyk gezelençleri bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrar", - diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurda halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi pudagy döwrebaplaşdyrmakda, ugurdaş düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidigini belledi.

Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, halkara sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmakda hem-de olara daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.