GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidentini wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady
14.04.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Nizar Amedä Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Nizar Amedä tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Yrak Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.