Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 13-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem birža söwdalarynda daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen tehniki kükürt kislotasyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden olar nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 26 622 240,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.







