Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler.
Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Awstriýanyň döwlet Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Awstriýanyň Federal Prezidenti, öz gezeginde, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny beýan edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen netijeli duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň şu sapara syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň köp sanly Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Awstriýa Respublikasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň öňünde islendik gapma-garşylyklaryň diňe syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmeginiň zerurdygy bellenildi. Awstriýanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna Türkmenistanyň dalaşgärligini işjeň goldaýandygy özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen we Awstriýanyň ilkinjileriň hatarynda goşulan Bitaraplygyň dostlary toparyna aýratyn üns çekildi. Bu hyzmatdaşlyk Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň çäklerinde-de öz beýanyny tapýar. Nygtalyşy ýaly, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilýär. Yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler hem muny doly tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentara dialogyň ähmiýeti, onuň soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu ugurda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň möhüm orny bellenilip, onuň nobatdaky mejlisini şu ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. «Ýaşyl» energetika, sanlylaşdyrma, emeli aň ýaly ýokary tehnologiýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistan şäher infrastrukturasyny ösdürmek, suw arassalaýjy tehnologiýalar, bank ulgamy babatda Awstriýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Bu ugurlarda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimize innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga we durnukly ösdürmäge ýardam berer.
Ynsanperwer ulgam iki halky birleşdirýän köpri bolup çykyş edýär. Munuň özi öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň uniwersitetleriniň Graz tehnologiýa uniwersiteti, Wenanyň diplomatiýa akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak üçin ygtybarly binýady döredýär. Medeni dialog hem yzygiderli ösdürilýär. Aşgabatda Wena ballarynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Awstriýa bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýdyp, Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Aleksandr Wan der Bellen çakylyk üçin hoşallyk bildirip, awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







