GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
13.04.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny we tip I-soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Olar Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan satyn alyndy. Şeýle hem daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «EKO 93» kysymly ulag benzinini satyn aldylar.
«SN-180» kysymly başlangyç ýagy içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda birinji hilli bugdaý ununy, dokma önümlerini, nah ýüplügini, pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny satyn almak barada geleşikler hem baglaşyldy.