11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Azerbaýjanly telekeçiler bilen türkmen işewürleriň arasynda nah ýüplügi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 400 000,00 manada we 266 640,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.







