10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dikuçarda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine geldi.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübäreklediler. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler jaýyna baryp, bu ýerde çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň ilkinji ýylynda şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bedew batly ösüşlerimize şaýatlyk edýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, bu döwrebap ýoluň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Halkara derejeli bu awtomobil ýoly 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol dünýä ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Täze ýoluň geçýän ugrunda ýolagçylar, sürüjiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýoluň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän köp sanly köprüler, suw geçirijiler, ýörite geçelgeler, ýangyç guýujy beketler bina edildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş, gözegçilik we dolandyryş ulgamlary göz öňünde tutuldy.
“Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün eder. Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukyby, logistik hyzmatlaryň hili ep-esli ýokarlanar. Ol sebitleriň ösmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna güýçli itergi berer” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we onuň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky goňşy döwletlerimiz bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Bu ýerde görkezilen wideoşekil arkaly ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, torlardan, ýoluň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjilerdir ýolagçylara niýetlenen dynç alyş ýerleri, ýangyç guýujy beketler, beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň ugrunda gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulandyr. Ýol hereketi, ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan, ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar.
Dabarada abraýly halkara düzümleriň wekilleri hem çykyş etdi.
Fransiýanyň «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» kompaniýasynyň täjirçilik we marketing boýunça direktory Luis Felipe Duke Willegas döwlet Baştutanymyzy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de bu taslamanyň ýurduň döwrebap infrastrukturasynyň ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Luis Felipe Duke Willegas bu möhüm taslamanyň wideogözegçilik we töleg ulgamlarynyň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany; töleg ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşy, ulanylyşy we tehniki hyzmaty boýunça işleriň ýokary hilli dolandyryş ýörelgelerine laýyklykda alnyp barlandygyny tassyklaýan ISO 9001 şahadatnamasyny; maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesini, ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň, maliýe amallarynyň we möhüm infrastrukturanyň kiberhowplardan ygtybarly goralýandygyny tassyklaýan ISO 27001 şahadatnamasyny; ýokary tizlikli awtomobil ýolunda daşky gurşawy goramak boýunça jogapkärli çemeleşmäni tassyklaýan we ähli işleriň gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga gönükdirilendigini tassyklaýan ISO 14001 şahadatnamasyny; ölçeg enjamlarynyň ýokary takyklygyny, gözegçilik ulgamlarynyň dogry işleýändigini, ähli amallaryň aýanlygynyň we adalatlylygynyň üpjün edilýändigini tassyklaýan ISO 10012 şahadatnamasyny gowşurdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň «Shandong Jiangfeng New Material Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekili Dong Guosen bu taslamanyň ýurdumyzyň ýol infrastrukturasynyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, «Shandong Jiangfeng New Material Technology» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen geljekki infrastruktura taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem ol ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýol demir germewleriniň taslamasynyň we hasaplamalarynyň halkara ýol howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobilleriň hereketine ak pata berdi we awtoulagda awtobanyň ugry bilen ýola düşdi. Ýolugra döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi boýunça awtoulaglaryň, şol sanda agyr ýükleri daşaýjy ulaglaryň hereketi başlandy. Şeýle hem bu ýerden baýramçylyk ruhunda bezelen gelnalyjy kerweni geçdi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ugrunda guralan dabara meýdançasynda toý däp-dessurlarymyzy we milli mirasymyzy açyp görkezýän edebi çykyşlary synlady. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda milli tagamlar taýýarlanyldy.
Bu ýerde halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolan ahalteke bedewlerine aýratyn orun berlipdir.
Şeýle-de bu ýerde halk senetçiliginiň dürli görnüşleri, ussat senetçileriň el işleri, halkymyzyň medeniýetini beýan edýän gymmatlyklar, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Göreş tutulyp, milli oýunlar oýnaldy. Bularyň ählisi aýdym-sazlaryň owazy, şatlykly gülki sesleri bilen utgaşýar. Halk we toý aýdymlary, läleler ýerine ýetirildi.
Dabara tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Ol ýerden hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.







