GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak babatda zerur işler alnyp barylýar
11.04.2026

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, «Bagajadaky», «Naýypdaky» suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer Guwanç Agajanow 10- njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde aýtdy.

Guwanç Agajanowyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabatynda bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ýetirmek üçin dürli basyşly gaz geçirijilere, gaz paýlaýjy beketlere, gaz sazlaýjy enjamlara netijeli hyzmat edilýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologlary tarapyndan Lebap welaýatynyň çäklerinde buraw işleri giň gerim«de alnyp barylýar. Bulardan başga-da, «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägini, «Malaý», «Naýyp», «Kükürtli», «Balguýy», «Gazojak», «Kerpiçli», «Bagaja» gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, içerki sarp edijileri we eksport ugurlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, gaz çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.