10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda taýýarlanylan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Mejlisiň on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary hem-de ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri halkara jemgyýetçilige ýetirmek, bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzdaky degişli düzümleriniň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň zenan ýolbaşçylarynyň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny” atly maslahat geçirildi. Şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, köptaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji parlamentara forumyna gatnaşmak üçin dostlukly ýurtda iş saparynda boldular.
Mejlisiň deputatlary, şol sanda Lebap welaýatyndan saýlanan deputatlar ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan gyzyklanýarlar, welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişlige gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gözegçilik edýän toplumlary tarapyndan alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Şeýle hem 16-njy aprelde Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk barada hasabat berildi.
Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilýär. Gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletlerde tamamlamak, gögeriş alnan meýdanlarda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, hatarara bejergi işleri geçirilýär.
Bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde ekilen ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem ýüpek gurçugyny idetmek işi alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär.
Häkim hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bilen baglylykda welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







