GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri bilen duşuşygy
10.04.2026

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary üçin okuw sapagy geçirildi.

Çäre nebitgaz pudagynyň geljekki hünärmenlerini ilaty iş bilen üpjün etmek, durmuş taýdan goramak we zähmeti goramak ugurlarynda alnyp barylýan döwlet syýasaty bilen tanyşdyrmak maksady bilen guraldy.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri talyplara özleriniň hünär işi barada gürrüň berdiler, amaly tejribeleri bilen paýlaşdylar, şeýle hem ýurtda ýaşlary goldamak, täze iş orunlaryny döretmek we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärler üçin durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalar barada giňişleýin maglumat berdiler.

Talyplar ara alnyp maslahatlaşylan temalara uly gyzyklanma bildirdiler, işe ýerleşmegiň mümkinçilikleri, zähmet şertnamalaryny baglaşmagyň tertibi, şeýle hem ýaş hünärmenler üçin göz öňünde tutulan durmuş ýeňillikleri we kepillikleri bilen baglanyşykly birnäçe soraglar berdiler.