GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary sport taýdan işjeňlik görkezdiler
10.04.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçin köpçülikleýin sport çäresi guraldy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň binasynyň öňünde talyplar dürli fiziki maşklary ýerine ýetirip, ýokary tertip-düzgüni we sport taýdan işjeňlik görkezdiler.

Guramaçylar şeýle çäreleriň ýaşlaryň saglygyny berkitmäge, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak endigini kemala getirmäge hem-de talyplaryň arasyndaky agzybirligi ösdürmäge ýardam berýändigini bellediler.