GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini wezipä saýlanylmagy bilen gutlady
09.04.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.