GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Mary welaýatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy boldy
09.04.2026

8-nji aprelde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edip, dikuçarda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, halk köpçüligi bardy.

Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary esasynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, raýatlary häzirki zaman, amatly we elýeterli ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek durmuş-ykdysady syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze obalaryň, şäherçeleriň gurluşygy yzygiderli dowam edýär.

Bu günki düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder. “Şeýlelikde, ýene-de az wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini, ýakyn günlerde bolsa möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini belledi.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap, täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Soňra bu ýerde täze guruljak döwrebap şäherçe barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi. Soňra döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze şäherçäniň binýadyna atdy. Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, il sylagly ýaşulular hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan netijeli işleriň nobatdaky aýdyň beýany boldy.