GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady
08.04.2026

7-nji aprelde türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Türkmenistanda görnükli döwlet işgäri, parasatly syýasatçy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän ýakyn dosty hökmünde tanalýandygyny hem-de hormatlanylýandygyny aýdyp, onuň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen her gezekki pikir alyşmalarynyň dowamynda türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada durlup geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini belledi we ýurdumyzda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän forumlara, mejlislere, duşuşyklara aýratyn üns berýändigi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.

Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.