GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitçi» topary woleýbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy
08.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» woleýbol topary Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Final duşuşykda toparyň oýunçylary Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň «Gala» toparynyň üstünden ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde, «Nebitçi» bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy başardy.

Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan geçirilen bu ýaryş woleýbol boýunça ýurdumyzyň erkekler klub toparlarynyň güýçlülerini ýygnady.

Gelejekde geçiriljek dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sport toplumynda sportuň woleýbol hem-de dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri alnyp barylýar.