GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy
04.04.2026

3-nji aprelde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin we gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem wekiliýetleriň ýolbaşçylary birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwada geçirmek meýilleşdirilýär.