GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy
04.04.2026

Energetika ministri Annageldi Saparowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen «Energoprom-2026» halkara elektroenergetika forumyna gatnaşdy.

Çärä gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary işläp düzmek, tejribe we tehnologiýalary alyşmak, şeýle hem pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän energetika giňişligini döretmek meselelerine seretdiler.

Forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen elektroenergetika sergisi guralyp, bu ýerde 100-den gowrak kompaniýalar döwrebap tehnologik çözgütleri, şol sanda gaz turbinalaryny we täze elektrotehnika enjamlaryny hödürlediler.

Forumyň çäklerinde GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda energiýa ulgamlaryny utgaşdyrmak, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, sanlylaşdyrmak we energetika infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

2-nji aprelde elektroenergetika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň energetika ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Sergeý Siwilewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar türkmen-rus energetika dialogynyň geljegini – energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatyndaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.