GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary üstünlikli eksportyň syrlaryny öwrenýärler
03.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Eksport – global bazarlaryň gapysy” atly açyk sapak geçirildi.

Açyk sapagyň dowamynda halkara söwda boýunça bilermen Azat Annadurdyýew eksportyň ykdysady ösüşdäki ähmiýeti, daşary ýurt bazarlaryna çykmagyň mümkinçilikleri we häzirki zaman şertlerinde telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler barada giňişleýin çykyş etdi. Şeýle hem ol halkara söwda ulgamynda toplan tejribesini paýlaşyp, ýaşlara öz işini ösdürmekde möhüm maslahatlary berdi.

Gatnaşyjylar eksport bilen bagly sowallar bilen ýüzlenip, tejribeli bilermenden amaly jogaplary aldylar.

Açyk sapak ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmekde, halkara bazarlara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda we olaryň dünýä derejesindäki ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Şeýle çäreleriň dowamly geçirilmegi talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň geljekde üstünlikli hünärmenler bolup ýetişmegine uly goşant goşýar.