«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginde ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar. Bu öňdebaryjy kärhanada «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başky iki aýynda 1 million 503 müň manatlyga golaý işiň ýerine ýetirilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde 2006-njy ýylyň 1-nji martynda döredilen «Burnebitgazhyzmat» müdirligi şu ýylyň başyndan bäri «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag», «Goturdepe», «Körpeje» we «Ekerem» buraw işleri müdirlikleri boýunça jemi 11 müň 300 metre derek 19 müň 610 metr burawlaýyş işlerini geçirdiler. Bu ykdysady görkeziji meýilnamanyň 173,5 göterimine barabardyr. Işleriň häzirki zaman tejribesine laýyklykda ýola goýlandygyny, degişli meýdançalaryň gazuw, oturtma hem-de ulanyş turbalary bilen öz wagtynda bökdençsiz üpjün edilendigini bellemek gerek.
Müdirlikdäki 12,5 tonnalyk göterijiligi bolan köpri-kranlaryň 7-si, ýük göterijiligi 12 tonnadan 25 tonna çenli bolan awtoulaglardaky kranlaryň 5-si, ýokary ýük göterijiligi bolan «Kamaz» hem-de «Mercedes» kysymly awtoulaglaryň onlarçasy netijeli işledilýär.
«Burnebitgazhyzmat» müdirliginde hereket edýän burawda ulanylan oturtma turbalary gaýtadan dikeltmek bölüminde hünärmenleriň tagallasy bilen turbalar gaýtadan göneldilip, hyrlanyp, burawlaýjylara bökdençsiz ugradylýar. Şeýle hem daşary ýurt enjamlary bolan kuwwatly nasoslar turbalaryň abatlygyny, basyşa çydamlylygyny doly anyklamaga mümkinçilik berýär. Onuň üçin bolsa kärhanada kuwwatly «ASW-1050» we «ASW-700» kysymly enjamlar hereket edýär. Bu ýere gelip gowuşýan turbalardan başlap, ozal ulanyşdan gelen turbalara çenli ählisi müdirligiň buraw turbalaryny abatlaýan bölüminiň tehniki gözegçilik gullugynda barlanyp, olara degişli resminama berilýär. Müdirligiň bentonit öndürýän bölüminde ýylyň dowamynda meýilnama boýunça 6 müň 500 tonna bentonit ürgünini öndürmek maksat edinilýär.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti







