GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
02.04.2026

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny döwrüň talabyna görä has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gözegçilik edýän düzümlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, düzümlere sanly ulgamy we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar we hukuk binýady kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary we görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.