Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» — hünär-tehniki okuw boýunça innowasion merkezi açmak meselelerine bagyşlanan wideokonferensiýa görnüşindäki iş maslahaty geçirildi.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, ähli taýýarlyk tapgyrlary meýilnama we kesgitlenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
«Lu Ban ussahanasynyň» döredilmegi ylym-bilim ulgamynyň ösüşine möhüm goşant goşar hem-de halkara ülňülere laýyklykda nebit-gaz pudagy üçin ökde hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Bu taslama 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC) hem-de Bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş boýunça Hytaý assosiasiýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama esasynda durmuşa geçirilýär.







