GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda
01.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny we «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D382 BF» kysymly polipropileni satyn aldylar. Gruziýaly işewürler bu konsern bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem birža söwdalarynda içerki bazarda pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygy satyn alyndy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 172 500,00 manada we 878 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.