GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
31.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 30-njy martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.

«SN-600» kysymly başlangyç ýagy daşarky bazarda hem Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri tarapyndan satyn alyndy. Gruziýaly we owganystanly işewürler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D3820 BF» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 30-njy martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda birinji hilli bugdaý ununy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny we dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 34 million 229 müň manada we 1 million 278 müň ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.