30-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitleriň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkimlere bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.







